Turkmenportal logo
08.12.25
1575715757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÖB Türkmenistan bilen bagly taslama tehniki kömek bermegi meýilleşdirýär

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) «Merkezi we Günbatar Aziýa üçin ykdysady bilimleri goldamak we mümkinçilikleri ösdürmek» atly sebitleýin taslamasyny durmuşa geçirmek üçin tehniki kömek bermegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.

Bankyň resmi beýanatyna salgylanyp, «Report» neşiriniň habar bermegine görä, taslama Azerbaýjany, Ermenistany, Gruziýany, Gazagystany, Gyrgyz Respublikasyny, Pakistany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýar. 750 müň amerikan dollary möçberindäki maliýeleşdirme Tehniki kömek boýunça ýörite gazna arkaly amala aşyrylar. 

Bu başlangyç sebitiň ýurtlarynda ýokary hilli makroykdysady dolandyryşy, täsirli söwda we maýa goýum syýasatyny, hususy pudagy höweslendirmegi we täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn özgertmeleri, ekologik çözgütleri hem-de sanlylaşdyrmagyň döwrebap çemeleşmelerini durmuşa geçirmegi maksat edinýär.