Turkmenportal logo
06.12.25
3639136391
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň ençemesiniň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, beýik ata-babalaryň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerilip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanylyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşylyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň ençemesiniň günäsi geçildi. Günäsi geçilen daşary ýurt raýatlary mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Ozal  Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilen 231 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekendigi barada habar beripdik.