Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Milli emeli aň tehnologiýalary — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň innowasion guraly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, ylmy merkezleriň wekilleri hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahat şeýle hem onlaýn görnüşde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar bilen birlikde Koreýanyň Sejong uniwersitetinden professor Seon Çžu Kan, Malaýziýanyň INTI Halkara uniwersitetinden professor Radžermani Thinakaran, Awstriýanyň Gras tehniki uniwersitetinden professorlar Ýan Hansen we Dewid Pommerenke, Ýaponiýanyň Nihon uniwersitetinden professor Rýota Takahaşi, Şweýsariýanyň «Evatherm» kompaniýasynyň baş inženeri Mendi Hassan, Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetinden professor Abdul Aziz Bin Mat Isa çykyş etdiler.
Daşary ýurtly alymlar Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalarynyň ykdysadyýetde we jemgyýetçilik pudagynda ösdürilmegi boýunça öz tekliplerini hödürlediler.

Bilermenleriň pikiriçe, akylly ulgamlary ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler ýurduň energetika, ulag-logistika we oba hojalyk pudaklarynda has giňden açylýar.
Maslahatyň dowamynda gaz desgalarynda öňünden çaklama hyzmatlaryny ornaşdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalara esaslanýan akylly suwaryş ulgamlaryny döretmek, deňiz portlaryny sanlylaşdyrmak we maglumat merkezlerini açmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem «data hub» görnüşinde açyk maglumat platformalaryny döretmek, uniwersitetlerde ýaşlaryň ylmy gözleglerini we innowasion başarnyklaryny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde görkezildi.
Maslahatda emeli aň pudagynda kadalaşdyryjy ülňüleriň, maglumatlary goramak düzgünleriniň, maglumatlary toplumlaýyn dolandyrmagyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada giň pikir alyşmalar hem geçirildi.
Çykyş edenler Oguz han adyndaky uniwersitetde emeli aň we maglumat tehnologiýalary boýunça barlaghananyň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. Bu barlaghananyň binýadynda talyplar emeli aň tehnologiýalaryny üstünlikli ulanyp, programma üpjünçiligini işläp düzýärler we dürli taslama işlerini ýerine ýetirýärler.
