Turkmenportal logo
02.12.25
5802258022
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026-njy ýyldaky dynç günleri kesgitlenildi

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan iş, dynç we baýramçylyk günleri barada maglumatlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasy neşir edildi. Bu senenama zähmet haklaryny, zähmet rugsatlaryny hasaplamak we kärhanalaryň işini meýilleşdirmek üçin resmi esas bolup hyzmat edýär.

2026-njy ýylda iş hepdeliginiň dowamlylygy bäş gün üçin 40 sagat, alty gün üçin günde 7 sagatdan jemi 40 sagat, şeýle hem günde 6 sagatdan alty gün üçin 36 sagat kesgitlenildi.  

Aýdaky ortaça iş wagtynyň dowamlylygy 40 sagatlyk hepde üçin 166,9 sagat; 36 sagatlyk hepde üçin 150,5 sagat möçberinde bellenildi.

2026-njy ýylda aşakdaky baýramçylyk günleri dynç güni diýlip yglan edildi:

1-nji ýanwar – Täze ýyl;

8-nji mart – Halkara zenanlar güni;

20-nji mart – Oraza baýramy;

21-22-nji mart – Milli bahar baýramy ;

18-nji maý – Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni;

27-28-29-njy maý – Gurban baýramy;

27-nji sentýabr – Garaşsyzlyk güni;

6-njy oktýabr – Hatyra güni;

12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni;

Baýramçylyk dynç günleriniň öňündäki iş gününiň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, 1 sagat gysgaldylýar. Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, gijeki çalşyklar hem 1 sagat gysgaldylýar, bu yzygiderli önümçiliklere degişli bolman, olarda gijeki çalşyklar gündizki iş bilen deňleşdirilýär.