Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada TDH-de habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanynyň toplum bilen tanyşlygynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döwlet syýasatynyň ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilendigini belläp, toplumda döredilen döwrebap şertleriň önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
