Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi, şeýle hem döwlet Baştutany ýurduň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak we mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenilen üç bölüm, 200 baş saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehniklaryny we gurallaryny, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.
Türkmenistanyň Prezidenti bölümler bilen tanyşlykdan soňra, maldarçylyk toplumynyň gezim meýdançalarynda iri şahly mallary synlady hem-de maldarçylyk toplumynda döredilen şertlere laýyklykda, işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny belledi we bu ugurda maslahatlarynydyr tabşyryklaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti maldarçylyk toplumyň ýolbaşçysyna täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň we awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Täze tehnikalaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasynyň kuwwatly traktorlary we ot orujy kombaýnlary, dürli görnüşli oba hojalyk gurallary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynda we Ýaponiýada öndürilen ýöriteleşdirilen dürli awtoulaglar, tehnikalar hem-de ýeňil awtoulaglar bar.
Türkmenistanyň Prezidenti döwrebaplaşdyrylan maldarçylyk toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
