Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky oýunlar sport merkeziniň buz meýdançasynda «Bitaraplyk Kubogy» atly hokkeý ýaryşy başlady. Ýaryş 16‑njy dekabra çenli dowam eder. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy habar berýär.
Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde geçirilýär. Gatnaşýan toparlaryň arasynda «Galkan» (Içeri işler ministrligi), «Nesil» (IIM-niň instituty), «Watançy» (Goranmak ministrliginiň Harby instituty), «Merdana» (Serhet instituty), «Bürgüt» (Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi), «Oguzhan» («TürkmenGazAwtomatika» müdirligi), «Şir» (Söwda ministrligi) we «Alp Arslan» (Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi) bar.
Ýaryşa taýýarlyk döwründe «Galkan» sport merkezinde Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) goldaw bermeginde eminler üçin halkara seminary geçirildi. Seminara halkara derejeli emin, Gazagystanyň Hokkeý federasiýasynyň wekili Wladimir Suslow ýolbaşçylyk etdi. Seminaryň maksady türkmen eminlerini taýýarlamak we oýun düzgünleriniň häzirki zaman talaplaryny öwretmekden ybarat boldy.
33 ýaşly Suslowyň 12 ýyllyk eminlik tejribesi bar. Ol Gazagystanyň çempionatynyň 300‑den gowrak oýnunda, Ýaşlar hokkeý ligasynyň 99 oýnunda we Kontinental hokkeý ligasynyň 3 oýnunda eminlik etdi. 2016‑2022-nji ýyllar aralygynda Halkara hokkeý federasiýasynyň ygtyýarnamasyna eýe bolup, dört dünýä çempionatynda, iki Aziýa kubogynda we 2020-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşynda eminlik etdi. Häzirki wagtda Gazagystanyň Hokkeý federasiýasynda eminler bilen işlemek boýunça hünärmen bolup zähmet çekýär.
