Turkmenportal logo
01.12.25
2225222252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U17 ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryny toparçada ikinji orunda tamamlady
Türkmenistanyň U17 ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryny toparçada ikinji orunda tamamlady

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U17) Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşyndaky çykyşyny F toparçasynda ikinji orunda tamamlady. Ahyrky duşuşykda Mongoliýany 6:2 hasabynda ýeňendigine garamazdan, Taýlandyň Kuweýti 3:0 ýeňmeginiň netijesinde biziň ýygyndymyz ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi.

Taýlandyň Çonburi şäherinde geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysy üçin şowsuz başlady. 16-njy minutda Enerel Gurragça Timur Pastuşenkonyň nädogry geçiren topuny ele salmagy başardy we Munh-Orgil Ýadamsurene pas berdi. Onuň urgusy bolsa derwezäniň direginiň aşagyndan geçip, Mongoliýanyň peýdasyna hasaby açdy.

Türkmenistan 22-nji minutda Temuun Jargalanyň awtogoly bilen hasaby deňledi. 34-nji minutda bolsa Hudaýnazar Meredow garşydaş ýygyndynyň goragçysyny aldady we derwezäniň  golaýyndan jaýdar urmak bilen, ýygyndymyzy öňe çykardy.

Ikinji ýarymda Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri artykmaçlygyny berkitdiler. Meredow 47-nji minutda ikinji goluny geçirdi, 49-njy minutda Suleýmannazar Gowşudow tapawutlandy. 75-nji minutda Öwezmyrat Öwezmyradow hasaby artdyrdy, 77-nji minutda Garid Bat-Amgalan awtogol geçirdi. 90-njy minutda Hanbileg Sainbileg penalti urgusyny ýerine ýetirip, oýnuň ahyrky – 6:2 hasabyny kesgitledi.

Saýlama tapgyrynyň ähli duşuşyklary tamamlanandan soň, Taýland 9 utuk bilen F toparçasynda birinji orny eýeledi we 2026-njy ýylyň 7–24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna çykdy. Kuweýti 3:0 ýeňmek bilen, ýer eýeleri 16:4 tapawut bilen birinji orny eýeledi.

Türkmenistan saýlama tapgyry 9 utuk (tapawut 15:5) bilen ikinji orunda tamamlady. Kuweýt hem 9 utuk toplady, ýöne 11:6 tapawut bilen üçünji orny eýeledi.