Goýujy-suratkeş Meýlis Hudaýberenow «Kompozitor» atly türkmen filminde ýerine ýetiren işi üçin «Iň gowy suratçy» ugry boýunça «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa kino baýragynyň eýesi boldy. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 27-nji noýabrda Moskwadaky Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasynda geçirildi.
«Kompozitor» filmi Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Maksat Gylyjowyň ssenariýasynyň esasynda surata düşürildi. Maksat Gylyjow filmiň režissýory hökmünde hem çykyş etdi. Film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen surata düşürildi.

Film ýaş kompozitor Merdanyň (Atageldi Rozyýew) öz maşgalasynyň ozaldan dowam edip gelýän sazçylyk ýoluny dowam etdirýän taryhy barada gürrüň berýär. Film saz sungatynyň adamzadyň özboluşly medeni mirasy hökmünde ähmiýetini açyp görkezýär we bu sungatyň şypa beriji güýjüniň gahrymanlara durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmäge nähili ýardam edýändigini görkezýär.
Filme M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, Aşgabat şäherindäki ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary hem-de Şükür bagşy adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Meýlis Hudaýberenow 250 müň dollara barabar möçberindäki baýrak bilen sylaglandy. «Iň gowy film» ugry boýunça baş baýraga we 1 million dollara deň bolan baýrak hytaý režissýory Sýuý Çžen tarapyndan düşürilen «Akymyň garşysyna» atly filme berildi.
«Göwher kebelek» baýragy Nikita Mihalkowyň başlangyjy bilen döredildi we ol 12 ugur boýunça gowşurylýar.
