Russiýanyň Balykçylyk baradaky federal agentligi türkmen tarapy bilen Hazar deňziniň suw biologik baýlyklaryny ikitaraplaýyn öwrenmek boýunça bilelikdäki barlaglary geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Hazar deňziniň suw biologik baýlyklaryny gorap saklamak boýunça Iş toparynyň mejlisiniň çäklerinde žurnalistlere agentligiň ýolbaşçysynyň orunbasary Wasiliý Sokolow beýan etdi.
«Biz türkmen tarapy bilen hem ikitaraplaýyn barlaglary geçirmegi meýilleşdirýäris. Belki indiki ýylda däl-de, bu ondan soňky ýyllarda amala aşyrylar. Çünki bu ugur biziň üçin örän möhüm we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar» - diýip, Sokolow belledi.
Ol türkmen tarapyna çäräni ýokary derejede gurnandygy üçin minnetdarlyk bildirdi: «Biz türkmen tarapyna çäräniň degişli derejede örän gowy guralandygy üçin minnetdarlyk bildirýäris. Häzir Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe balykçylyk işlerine gözegçilik etmek boýunça toparlaryň işleriniň geçirilmegi möhümdir» - diýip, Russiýanyň Balykçylyk baradaky federal agentliginiň wekili nygtady.
Onuň sözlerine görä, ylym we suw medeniýeti boýunça mejlisler öňki ýyllarda hem geçirilipdi, emma gözegçilik etmek babatynda belli bir boşluk bar. «Biz türkmen tarapynyň işjeň we tutanýerli garaýşynyň netijesinde bu işiň indiki ýylda ýerine ýetiriljekdigine umyt baglaýarys» - diýip, Sokolow aýtdy.
Balykçylyk baradaky federal agentliginiň baştutanynyň orunbasary Russiýanyň diňe bäştaraplaýyn däl-de, eýsem ähli Hazarýaka döwletleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär – diýip, belledi. «Ikitaraplaýyn görnüşde köplenç has köp meselelere çözgüt tapmak bolýar, sebäbi diňe iki ýurda degişli aýratyn ýagdaýlar bar» - diýip, ol düşündirdi.
Sokolowyň pikiriçe, bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegi has uly netijeleri berip biler. Taraplar milli barlaglary utgaşdyrmak barada ylalaşdylar, emma ikitaraplaýyn derejede bu ugurda öňe gidişlik gazanmak has aňsat bolar – diýip, Russiýanyň Balykçylyk baradaky federal agentliginiň wekili belledi.
24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw biologik baýlyklaryny gorap saklamak, tygşytly peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak boýunça Iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistan bu Iş toparynda 2025–2026-njy ýyllarda başlyklyk edýär.
