Turkmenportal logo
25.11.25
2228022280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bathyz goraghanasynda 15 ýyldan soň ilkinji gezek garagulak hasaba alyndy

«Bars Turkmenistan» «Conservation X Labs» topary Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda garagulagy hasaba aldy. Bu Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitinde garagulagyň soňky 15 ýylyň dowamyndaky ilkinji hasaba alynmagy boldy.

Bu waka baradaky maglumaty Şotlandiýanyň Korollyk zoologiki jemgyýeti («Royal Zoological Society of Scotland») özüniň X sosial ulgamyndaky hasaby arkaly ýaýratdy we haýwanyň goraghananyň çäginde peýda bolan pursatlaryny görkezýän wideoýazgyny ýerleşdirdi.

Bathyz goraghanasy ýurduň günorta-günbatarynda, Mary welaýatynda ýerleşýär we Türkmenistanyň goralýan esasy tebigy çäkleriniň biridir.