Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Akordada duşuşdy diýip, Kazinform habar berýär.
Asylly däbe görä, belent mertebeli myhmanyň saparynyň hormatyna köşgüň dabaralar zalynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Orkestr iki ýurduň Döwlet senalaryny ýerine ýetirdi.

Soňra Akordada Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda dar düzümdäki duşuşygy başlady.
Döwlet saparynyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleri geçirip, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar diýlip, habarda bellenilýär.
