Turkmenportal logo
24.11.25
2021420214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen patyşa Abdulaziz adyndaky Arap bedewleriniň merkezi hyzmatdaşlygy ýola goýýar

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi M. Aýazow patyşa Abdulaziz adyndaky Arap bedewleriniň merkeziniň baş direktory Abdulaziz Al-Mukbil bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty bu Merkez bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ilçi Türkmenistanda atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen bedewleriniň dünýädäki abraýyny belende götermek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi.

Türkmen diplomaty Merkeziň muzeýiniň işi, arap bedewlerini hasaba almak bölümi, şeýle hem lukmançylyk we ylmy-barlag bölümleri bilen jikme-jik tanyşdy — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.