Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky nebitden daşary ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 1,76 milliard dollara ýetdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli Aşgabatda Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wekilhanasynyň açylyş dabarasynda aýtdy.
«Biziň iki ýurdumyzyň arasyndaky gatnaşyklar köp ugurda ösdürilýär we diwersifikasiýalaşdyrylýar. 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn nebite degişli bolmadyk söwdanyň möçberi 1,76 milliard dollara ýetdi, bu bolsa BAE-ni Türkmenistanyň üçünji iň iri söwda hyzmatdaşyna öwürdi» — diýip, diplomat belledi.
Onuň sözlerine görä, ADNOC kompaniýasynyň Türkmenistandaky ofisiniň açylmagy iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gönüden-göni görkezmesine laýyklykda hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar. «Bu ofis diňe giňeýän hyzmatdaşlygymyzyň nyşany bolman, eýsem durnukly geljege bolan umumy garaýyşymyzyň hem beýanydyr» — diýip, Al Hameli nygtady.
