«Titanik» gämisiniň ýolagçysy Isidor Ştrausyň altyn jübi sagady «Henry Aldridge & Son» söwda öýi tarapyndan 2,3 million amerikan dollaryna satyldy. Bu gämi bilen bagly iň gymmat satylan emläk boldy. Bu barada «The New York Times» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
18-karatlyk altyn sagady «Macy's» iri dükanlar zynjyrynyň eýesi Isidor Ştrausyň jesediniň ýanyndan tapdylar. Ol «Titanikde» aýaly Ida Ştraus bilen syýanat edipdir. Sagatda onuň ady we 43 ýaşynyň doglan senesi oýulyp ýazylypdyr.
Ştrausyň jübi sagadynyň ýakynlary tarapyndan auksiona çykarylandygy habar berilýär.
«Titanik» filminde režissýor Jeýms Kemeron gartaşan är-aýalyň öz kaýutalaryna suw girip başlanynda, düşekde gujaklaşyp ýatandyklaryny görkezýär. Şaýatlaryň ýatlamalaryna görä, Ştrauslaryň maşgalasy gämide zenanlar we çagalar barka, gämini terk etmekden ýüz dänderipdirler. Olary soňky gezek «Titanik» suwuň astyna gidip barýarka, bir-biriniň elinden tutup durkalar görüpdirler.
