Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli guraljak forumyň geçiriljek döwründe ähli gulluklarda nobatçylyk ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet beriler. Bu barada TDH habar berdi.
Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde bellenildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny äleme äşgär edýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýäde uly abraýa eýedigini, hemme döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, şanly senäniň hormatyna guraljak halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap döwletiň at-abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.
