Turkmenportal logo
24.11.25
3996439964
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyna gol çekdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmeleri esasynda ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň KANUNY

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

1-nji madda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 358,2 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2026-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan peýdadan ýerasty baha üçin alynýan baýlyklardan salgytdan salgytdan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri 5,1% 5,1% 6,0%

Arkadag şäheri 100,0% 100,0% 0%

Ahal welaýaty 96,0% 96,0% 97,0%

Balkan welaýaty 25,0% 25,0% 24,0%

Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%

Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%

Mary welaýaty 80,0% 81,0% 81,0%

4-nji madda

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 379,2 mln. manat möçberinde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Arkadag şäheri                 256,9            mln. manat

Daşoguz welaýaty            1 911,3          mln. manat

Lebap welaýaty                1 211,0          mln. manat

5-nji madda

Ýerli býujetleri 15 521,0 mln. manat möçberinde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri                  2 742,8      mln. manat

Arkadag şäheri                 299,9          mln. manat

Ahal welaýaty                   1 893,8        mln. manat

Balkan welaýaty               1 662,3        mln. manat

Daşoguz welaýaty            2 808,7       mln. manat

Lebap welaýaty                3 125,6        mln. manat

Mary welaýaty                  2 987,9 mln. manat

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryndan, Kararlaryndan we Buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry.