Türkiýe geljek ýyl BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyny (COP-31) kabul eder. Bu barada Türkiýäniň ekologiýa we şähergurluşyk ministri Myrat Kurum habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Howanyň meseleleri boýunça ýüzlerçe ikitaraplaýyn duşuşyklar, onlarça ýurtlara saparlar, diplomatik gepleşikler geçirildi. Ahyrsoňy Türkiýe COP-31-niň hojaýyny boldy. Bu taryhy jogapkärçiligi öz üstümize almak bilen, biz umumy öýümiz, umumy dünýämiz üçin möhüm işe başlaýarys» diýip, ministr sosial torda ýazdy.
Çäräni geçirmek ugrunda hukuk üçin Awstraliýa we Türkiýe bäsleşdiler.
Türk ministri şeýle hem öz ýurdunyň öňde duran sammitiň barşynda ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan beýan edilen 2053-nji ýyla çenli howa taşlanýan zyňyndylaryň möçberini nol derejä çenli ýetirmek we ýaşyl özgertmeler babatda adalatly, inklýuziw, açyk we aýdyň işi durmuşa geçirmekçidigini nygtady.
Onuň sözlerine görä, «COP-31» maslahaty ýurduň Antalýa şäherinde, liderleriň sammiti Stambulda geçer.
