Moskwada «Üçünji müňýyllygyň zenany» atly IV Halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Çäre Russiýadan, GDA-nyň ýurtlaryndan, Aziýadan, Afrikadan we Ýewropadan zenan liderleri, telekeçileri we döredijilik işgärlerini birleşdirdi.
Forum durnukly ösüş meselelerine, zenan telekeçiligini goldamaga we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge bagyşlandy. Forumyň işiniň esasy ugurlary medeni mirasy gorap saklamak, senetçilik hünärlerini we däp-dessurlary ösdürmek, şeýle hem zenanlaryň işewürlikdäki işjeňligini ýokarlandyrmak boldy.
Türkmenistandan tematik bölümleriň çäginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary – Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy Ogulsabyr Berdiýewa we «Jennet tagty» hususy kärhanasynyň direktory, Zenanlaryň el işleri sungaty merkeziniň ýolbaşçysy Jennet Agaweýewa çykyş etdiler. Türkmen wekilleri çykyşlarynda medeni miras we milli el işleri meselelerine aýratyn üns berdiler.
