16 — 20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglar institutynda okuw saparynda boldular.
Bu okuw sapary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglar institutynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Okuw saparynyň ilkinji gününde talyplar Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Okuw saparynyň ikinji gününde doktor Haled Ibrahim Al-Ali Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary syýasaty barada talyplar bilen öz tejribesini paýlaşdy. Bu bolsa talyplara Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Üçünji günde doktor Raja Al-Mazruki Saud Arabystany Patyşalygynyň «Vision 2030» atly maksatnamasy barada özüniň statistiki hem-de seljerme maglumatlaryny paýlaşdy. Şeýle-de talyplara Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ykdysadyýetinde, bilimde, tehnologiýada we jemgyýetde alyp barýan düýpli özgertmeleri barada giňişleýin maglumat berildi.
19-njy noýabrda institutyň mugallymy Leyla Al-Zahrani talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň syýahatçylygy we medeniýeti barada okuw sapagyny geçdi.
Täsirli geçen okuw saparynyň çäginde «Al-Masmak» muzeýine, «Bulwar Er-Riýad» dynç-alyş seýilgähine, «Ymam Turki bin Abdullah» gadymy metjidine gezelenç guraldy.
Okuw sapaklary tamamlanandan soňra, oňa gatnaşan talyplara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
