Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň we «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» žurnalynyň redaksiýasynyň wekilleri Türkiýe döwletiniň Trabzon şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Trabzon şäherinde Milli agaçlandyrma gününe bagyşlanyp geçirilen ýörite ýaş bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşdylar. Çärä hökümet ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, çagalar bagynda terbiýelenýän ýaş nesil hem gatnaşdy.
Soňra Türkiýede goralýan ýer bolan Altyndere milli seýilgähine tanyşdyrylyş syýahaty guraldy. Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjy döwletleriň wekilleri tarapyndan tokaýlaryň biodürlüligi boýunça taýýarlanan prezitasiýalar hödürlenip, sorag-joga arkaly pikir alşyldy hem-de toplanan iş tejribeleri bilen tanyşyldy.
