Turkmenportal logo
20.11.25
90779077
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ylmy-amaly maslahat geçirildi
Surat: Türkmenmetbugat

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlary bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada tejribe alyşmak maslahatyň özenini düzdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, öýkeniň obstruktiw kesellerine hem-de süýjüli diabete garşy bütindünýä göreş gününe bagyşlanyp utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy-amaly maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurduň welaýatlarynyň Saglygy goraýyş müdirlikleriniň ýolbaşçy düzümi, saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän hünärmenler we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, şeýle hem welaýat saglygy goraýyş müdirliklerine degişli düzümleriň hünärmenleri bar.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekden ybarat boldy.

Onuň dowamynda maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, wagtynda anyklamak, bejermek, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy.