Turkmenportal logo
18.11.25
1491514915
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
20 — 22-nji noýabrda Türkmenistanda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň önümleriniň sergisi geçiriler

20 — 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň  köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.

Sergi Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerini görkezmek we  iki goňşy döwletiň arasynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen guralýar.

Serginiň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.