Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşýarlar diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, forumda ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistan halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ertir – 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy çäreler geçiriler.
