Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde 14-nji noýabrda geçirilen Hytaý diliniň bütindünýä konferensiýasyna gatnaşdy.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy girdi.
Bu konferensiýa hytaý dilini ösdürmäge, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanan iň uly halkara çäreleriň biridir. Foruma 160-dan gowrak ýurtdan we sebitden, şol sanda 51 döwletden 61 sany ýaş hytaýşynas (sinolog) wekil bolmak bilen, jemi 2000-e golaý wekil gatnaşdy.

Plenar mejlislerde şu aşakdaky meselelere seredildi:
* Hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmagyň häzirki zaman usullary;
* Pedagogiki işgärleri taýýarlamak we hünär taýdan ösdürmek;
* Innowasion sanly okuw platformalaryny we emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak;
* Okuw-usulyýet materiallaryny täzelemek we bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak;
* Hytaýyň we daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda akademiki alyş-çalyşlary ösdürmek;
* Halkara dil maksatnamalarynyň we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi.
Ýöriteleşdirilen sergide gatnaşyjylara öňdebaryjy bilim işläp taýýarlamalary: elektron okuw toplumlary, VR/AR çözgütleri, interaktiw serişdeler, şeýle hem EA tehnologiýalaryna esaslanýan platformalar hödürlenildi.
Türkmen wekiliýetiniň Hytaý diliniň bütindünýä konferensiýasyna gatnaşmagy milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we Hytaý Halk Respublikasy bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir.
