Özbegistanyň paýtagtynda Blue Peace Central Asia (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin seminar açyldy. Bu barada Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi habar berýär.
Çäräni Halkara Suw serişdelerini dolandyrmak instituty (IWMI) Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň (SDC) goldamagy bilen hem-de Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (RECCA) bilen hyzmatdaşlykda gurady.
Seminaryň esasy maksady – sebitiň orta we uzak möhletli geljeginde möhüm suw meselelerini kesgitlemek, uýgunlaşma boýunça ileri tutulýan ugurlary we innowasion çözgütleri maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda utgaşykly hereketi üpjün etmekdir.
Forumyň işine degişli ministrlikleriň, ylmy merkezleriň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň DIM-niň ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzümine şeýle hem Bilim ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri girýär.
Seminara gatnaşyjylar 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda suw diplomatiýasynyň ösdürilmegini, kiçi serhetara derýalaryň bilelikde dolandyrylmagyny we suw hem-de howa başlangyçlary boýunça işgärleriň mümkinçilikleriniň berkidilmegini ara alyp maslahatlaşarlar.
«Suw ýurtlarymyzy birleşdirýär, durnukly geljegiň açary bolsa hyzmatdaşlykdadyr» — diýip, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow belledi.
Seminaryň jemleri boýunça durnukly suw serişdelerini ulanmak we howanyň üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlarynyň kesgitlenmegini meýilleşdirilýär.
