Turkmenportal logo
11.11.25
1535515355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda konsert geçiriler
Moris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda konsert geçiriler

18-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Mouris Raweliň «Bolero» atly konserti geçiriler. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Wladimir Mkrtumow, Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederler.

Ýewropa Medeniýet günlerine gabatlanylan konsert beýik fransuz kompozitory Mouris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanýar.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar. Giriş mugt.

Türkmenistandaky Fransuz instituty, bu konserti guramakda beren goldawy üçin «Bouygues Türkmen» kompaniýasyna çuňňur minnetdarlygyny bildirýär.