«Roskosmosyň» kosmonawtlar toparynyň komandiri Oleg Kononenko älem giňişligine uçmak isleýänleriň fiziki taýýarlygyny barlamak üçin täze sport kadalarynyň döredilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu barada ol Samara şäherinde talyplar bilen geçiren duşuşygynda aýtdy — diýip, tolyatty.ru saýty ýazýar.
«Men häzir şeýle başlangyç bilen çykyş edýärin we älem giňişligine uçmak üçin fiziki taýýarlyk nyşanyny döretmek isleýärin. Bu synagdan geçen adam dessine älem giňişligine uçar diýmegi aňlatmaýar, ýöne bu gyzykly pikir adamlar üçin sport bilen meşgullanmaga höwes döreder diýip pikir edýärin» — diýip, kosmonawt gürrüň berdi.
Oleg Dmitriýewiç Kononenko — Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Gahrymany, RF-nyň uçarman-kosmonawty, instruktory-kosmonawt-synagçysydyr. Ol Türkmenistanda doglup, 1988-nji ýylda Samara şäherindäki «SSKB-Progress» kärhanasynda inžener wezipesinden başlap, öňdebaryjy konstruktoryň wezipesine çenli dürli wezipelerde işledi we kosmos gämileriniň elektrik ulgamlarynyň taslamalary bilen meşgullandy.
Kosmonawtyň hasabynda älem giňişliginde bolmak boýunça dünýä rekordynyň eýesidir — jemi 1110 gün 14 sagat 58 minut. Ol açyk älem giňişligine jemi 7 gezek çykyp, umumy dowamlylygy 44 sagat 30 minuda barabar bolan işleri alyp bardy. Gazanan üstünlikleri üçin Kononenko köp sanly sylaglara mynasyp boldy.
Talyplar bilen duşuşyk bir sagatdan gowrak dowam etdi. Ýaşlar kosmonawta älem giňişligi, uçuşlara taýýarlyk we orbitadaky alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly köp soraglary berdiler.
