Turkmenportal logo
09.11.25
1431414314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hasyl toýy mynasybetli çagalara süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy

Şu gün  Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýy  mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldýän çagalara hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň adyndan süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu barada «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berildi.

Çagalar baýramçylyk mynasybetli sowgatlary tüýs ýürekden çykýan  hoşallyk sözleri bilen kabul etdiler. Mälim bolşy ýaly, milli senenamada möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldýän, şeýle-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň  adyndan süýjülikleri we ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi  ýurtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwlet tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygynyň nobatdaky beýanydyr.