Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýeňiş güni we Azerbaýjanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Çärä diplomatik korpusyň wekilleri we resmi adamlar gatnaşdy. Türkmen tarapyndan daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.
Azerbaýjanyň ilçisi Gismat Gezalow öz çykyşynda 2020-nji ýylda bolup geçen Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň ähmiýetini belledi. Onuň sözlerine görä, 44 gün dowam eden harby operasiýanyň netijesinde Azerbaýjan öz çäklerini azat etdi we halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriň çäginde özbaşdaklygyny dikeldip, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň dört kararynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etdi.
Diplomat aýratynlykda Fizuli şäherinde Türkmenistanyň goldawy bilen alnyp barylýan metjidiň gurluşygyny nygtady we bu başlangyja beren goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjanyň ýolbaşçylaryny we halkyny baýramçylyk bilen gutlady. Ol iki ýurduň arasyndaky uzak ýyllaryň dowamyndaky dostluk gatnaşyklaryny we dürli ugurlarda üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösýändigini belledi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň myhmanlar üçin baýramçylyk agşamlygy guraldy.
