Turkmenportal logo
03.11.25
1902519025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gizada Uly Müsür muzeýi açyldy
Surat: Armenpress.am

Müsürde Uly muzeýiň 20 ýyl dowam eden gurluşygy tamamlanyp, dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol meşhur piramidalar seleňläp görünýän Gizada ýerleşýär. Açylyş dabarasyna Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň hem-de Daniýanyň wekilleri gatnaşdylar diýip, «MIR 24» habar berdi.

Ol dünýäde bir siwilizasiýa bagyşlanan ýeke-täk iri muzeý toplumydyr. Muzeý 500 müň inedördül metr meýdany tutýar. Onda sergilenýän 100 müň gymmatlyk müsür taryhynyň ýedi müň ýylyny gurşap alýar.

Muzeýde faraon Tutanhamona degişli toplum has-da özüne çekýär. Olar bäş müň sany tapyndy, şol sanda öň Kairiň muzeýinde saklanan altyn nikap hem bar. Uly Müsür muzeýinde şeýle-de 1954-nji ýylda rowaýaty faraon Hufunyň aramgähinden tapylan iň gadymy we uly agaç gaýyk hem bar.

Muzeý 2024-nji ýylyň güýzünden bäri synag görnüşinde işläp gelýärdi, emma gelip gorýänler üçin onuň diňe aýratyn zallaryna barmaga rugsat berilýärdi.