30-njy oktýabrda Samarkand şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy öz işine başlady. Çäräde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Konferensiýa 193 ýurtdan 5 müňden gowrak wekil, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, alymlar hem-de medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryndaky ýolbaşçylar gatnaşýarlar. Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule, şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we Slowakiýanyň Prezidenti Peter Pellegrini gatnaşdylar.
Günüň birinji ýarymynda geçirilen ilkinji mejlisde Baş konferensiýanyň başlyklygyna saýlaw geçirildi. Bu wezipä Bangladeşiň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hondker Muhammed Talha saýlandy. Konferensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň ýolbaşçy edaralaryna hem-de onuň hökümetara maksatnamalaryna saýlawlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle-de 28-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň 14-nji Ýaşlar forumynyň çäklerinde 140 ýurtdan gelen 150-den gowrak ýaş lider howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň işi 13-nji noýabra çenli dowam eder.
