Türkmenistan Germaniýanyň maliýe guramalary bilen strategik we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Germaniýanyň banklary bilen amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň umumy möçberi häzirki wagtda 700 million dollara golaýlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara maliýe bölüminiň başlygynyň orunbasary Serdar Ýusupow Germaniýada geçirilýän «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri» forumynda aýtdy.
«Germaniýanyň maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdanymyzda, biz onuň strategik we özara peýdaly häsiýete eýe bolmagyny maksat edinýäris. Häzirki wagtda Deutsche Bank, Commerzbank, şeýle hem Euler Hermes eksport-karz agentligi ýaly maliýe guramalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda — dokma senagaty, gurluşyk materiallary senagaty, lukmançylyk senagaty, nebit-gaz we gaz-himiýa pudaklarynda — birnäçe bilelikdäki taslamalaryň we şertnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bu hyzmatdaşlygyň umumy möçberi takmynan 700 million dollara deňdir» — diýip, Ýusupow forumda belledi.
Ýusupow Türkmenistanyň bank ulgamynyň çalt ösýändigini hem nygtady. Onuň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň banklary giň hyzmatlar toplumyny: korporatiw we bölekleýin karz bermekligi, söwda we taslama maliýeleşdirmekligi, dürli görnüşli goýumlary, bank kartlary, içerki we halkara tölegleri hem-de geçirimleri hödürleýär. Türkmenistanyň banklary Merkezi bankyň milli töleg ulgamyna, SWIFT halkara ulgamyna, şeýle hem VISA we Mastercard ýaly global töleg ulgamlaryna utgaşdyrylandyr.
Ol maliýe edaralarynyň bikanun ýollar bilen gazanylan girdejileriň dolanyşygyna, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça milli we halkara kanunçylyga berk eýerýändigini belledi. Ýurtda awtomatlaşdyrylan maliýe gözegçilik ulgamlary ornaşdyrylýar, müşderilere töwekgelçilik esasly çemeleşme ulanylýar. Türkmenistanyň banklary BMG, ABŞ, ÝB we «Uly ýediligiň» ýurtlary tarapyndan girizilen sanksiýa düzgünlerine hem doly laýyklykda hereket edýär.
Ýusupowyň bellemegine görä, Türkmenistan dünýä ykdysadyýetine we maliýe bazaryna has çuňňur integrasiýa ýolunda yzygiderli öňe barýar. Biziň ýurdumyz Germaniýa bilen täze hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny — maliýe hyzmatlary we maýa goýumlar, dokumentar işewürlik we söwdany maliýeleşdirmek, häzirki zaman sanly tehnologiýalary arkaly bank infrastrukturasyny ösdürmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda — ynama we özara peýdalylyga esaslanmak bilen, ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga açykdyr.
Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri 30–31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýär. Çäräniň guramaçylary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we TMT Consulting Group kompaniýasydyr.
Turkmenportal forumyň resmi mediýa hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
