Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Arkadag» futbol kluby möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda ýeňiş gazanyp, möhletinden öň üçünji gezek ýurdumyzyň milli çempion boldy. 23-nji tapgyryň myhmançylyk duşuşygynda bu topar «Ahaly» 1:0 hasaby bilen ýeňdi.
Duşuşygyň ýeke-täk goluny oýnuň 68-nji minutynda «Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýew geçirdi.
Bu ýeňiş bilen «Arkadag» yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Topar mundan öň 2023-nji we 2024-nji ýyllarda hem milli birinjiligini gazanmagy başarypdy.
22 oýundan soň «Arkadag» 66 utuk toplady we iň ýakyn bäsdeşinden — «Altyn Asyrdan» 26 utuk öňe geçdi. «Altyn Asyr» 22 oýunda 40 utuk toplady, «Şagadam» 39 utuk bilen üçünji orunda, «Ahal» bolsa iki oýnuny ätiýaçda saklaýar we 36 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär.
