Turkmenportal logo
27.10.25
1361413614
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Horwatiýanyň ilçileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşdylar
Surat: Newscentralasia.net

Horwatiýanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annayew bilen Horwatiýanyň Rumyniýadaky ilçisi hanym Mariýa Kapitanowiçiň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdiler.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň 7-8-nji oktýabrynda Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Gordan Grlik-Radmanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga we syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berendigi bellenildi.

Taraplar ikitaraplaýyn duşuşyklary, işewürlik gatnaşyklary we özara saparlary yzygiderli geçirmegiň hem-de halkara çärelere işjeň gatnaşmagyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.