Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Rimde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda işewür durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ajaýyp Rim şäherinde duşuşmagynyň özi üçin ýakymlydygyny aýtdy hem-de bu gadymy şäheriň Ýewropanyň taryhy we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm syýasy we ykdysady merkezdigini belledi.
Söhbetdeşlikde Italiýanyň Türkmenistan üçin Ýewropada iň esasy hyzmatdaşlaryň biridigi bellenildi. Türkmen döwletiniň Baştutany bu hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
«Biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Türkmenistan bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bilelikdäki taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, şeýle hem ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda özüniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärli çemeleşjekdiklerini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
