«Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy häzirki wagtda Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça işleri durmuşa geçirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
— Bu desgany geljek ýylyň güýzünde ulanmaga bermegi maksat edinýäris. Şeýle iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň energetika kuwwatynyň artmagyna goşant goşýandygymyza diýseň buýsanýarys. Biziň kompaniýamyza bildirýän belent ynamy üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygymyzy beýan edýäris — diýip Türkiýäniň «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň taslama menejeri Özgür Karan belledi.
Kompaniýa häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyny alyp barýar. Onuň göz öňünde tutulýan taslamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňelder.
— Indi ençeme ýyl bäri Türkmenistan iri energetika taslamalarynyň gurluşygyny biziň kompaniýamyza ynanýar. Munuň özi biziň üçin belent mertebedir. Geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýamyzyň durmuşa geçirmeginde ýurduň dürli sebitlerinde gaz we bug turbinada işleýän iri elektrik stansiýalary guruldy. Şu gezek hem biz sergi diwarlygymyzda häzirki wagtda Türkmenistanda ýerine ýetirýän taslamalarymyza bu ýere gelýänleriň ünsüni çekmek isledik — diýip kompaniýanyň menejeri «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara sergide aýtdy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi 22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Oňa 70 ýurtdan wekiller we kompaniýalar, Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky kärhanalar, degişli ministrlikler we edaralar, şeýle hem halkara guramalar gatnaşýarlar.
