Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar satyn alyndy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşynda aýtdy.
— Goňşy we sebitdäki döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi. Ine, bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Taslamanyň gurluşygy 200-den gowrak täze häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
