10 — 15-nji oktýabr aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ýurt boýunça edarasynyň guramagynda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana sapary guraldy. Onuň maksady — dowamly dem alyş ulgamynyň keselleriniň öňüni almak we bejermek işini kämilleşdirmek, aýratyn-da dowamly obstruktiw öýken keseline hem-de bronhial demgysma (astma) degişli ugurlarda tejribäni ösdürmek boldy.
Hünärmenler topary milli lukmanlar bilen bilelikde degişli ugurlar boýunça kliniki maslahatlary täzeden gözden geçirmek işini alyp bardy, olary häzirki zaman ylmy esasly çemeleşmelere laýyk getirmek üçin hyzmatdaşlyk etdiler. Bu çäreler ýurduň ähli künjeklerinde dowamly dem alyş keselleriniň anyklanyşynyň, bejergisiniň we uzak möhletleýin gözegçilikleriniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.
BSGG-niň hünärmenleri pulmonologiýa we allergologiýa boýunça okuw sapaklaryny, şeýle hem maslahatly gözegçilik, kliniki audit we başlangyç bahalandyrma meseleleri boýunça okuwlary geçirdiler. Okuwlar Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, şeýle hem Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki lukmançylyk edaralarynda, şol sanda Lebap welaýatynyň köpugurly lukmançylyk merkezinde we ilkinji lukmançylyk kömegi üpjün edýän edaralarda geçirildi. Bu çäreleriň maksady dem alyş ulgamyna degişli hyzmatlaryň hilini üpjün etmekde, netijeliligi yzarlamakda we hemişelik kämilleşdirmede ýerli mümkinçilikleri pugtalandyrmak boldy.
Saparyň çäginde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça ýokanç däl keseller bilen göreşmek boýunça tehniki hünärmeni Jelena Çoý hem-de BSGG-niň synçysy Nino Maglakelidze «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat Saglygy goraýyş işgärleriniň güni mynasybetli guraldy.
Saparyň jemleýji böleginde milli iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerilip, üstünlikli tejribeleriň milli derejede giňeldilmegi boýunça indiki ädimler kesgitlenildi. Bu hyzmatdaşlyk BSGG-niň Türkmenistana ýokanç däl keseller bilen göreşmekde hem-de durnukly saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hemişe goldaw berýändigini görkezýär.
