Turkmenportal logo
17.10.2025
1723517235
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar Ýere golaýlap gelýän heläkçilik barada duýdurdylar
Surat: RIA Nowosti

Howa taşlanýan parnik gazlarynyň dowamly artmagy sebäpli deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş dünýäde kenarýaka şäherleriň ýok bolmagyna getirip biler. Bu barada Kanadanyň Makgilla uniwersitetiniň alymlarynyň ylmy barlaglarynyň jemlerinde aýdylýar.

Alymlaryň netijelerine görä, howp has hem Afrikadaky, Günorta-Gündogar Aziýadaky, Günorta we Merkezi Amerikadaky kenarýaka şäherlere abanýar. Şunda 2100-nji ýyla çenli deňziň derejesiniň 20 metre çenli ýokarlanmagy ol ýerlerdäki 840 million binanyň 136 millionynyň ýok bolmaklygyna getirer. Ol binalaryň köpüsi has köp ilatly ýerlerde ýerleşýändigi sebäpli, deňiz portlaryna, infrastruktura, medeni obýektlere hem ýok bolmak howpy abanýar.

«Howanyň üýtgemegi we deňziň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy ummanda ýaşaýandygymyza ýa-da ýaşamaýandygymzya garamazdan, hemmämize galtaşar» diýip, uniwersitetiň professory Erik Gelbreýt aýdýar.

Alymlar bu hasaplamalaryň binagärler, taslamalaşdyryjylar hem-de gurluşykçylar üçin geljekde ýitgileriň azaltmak üçin möhüm maglumatlary özünde jemleýändigini nygtaýarlar.