Turkmenportal logo
16.10.25
1458614586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Awaza» elektrik stansiýasynyň energetikleri bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanda «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň başyndan bäri 870 million 506 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu görkezijiler meýilleşdirilen möçberden 20 million 506 müň kilowat-sagat artyk bolup, önümçiligiň ösüş depgini 110 göterime ýetdi.

Stansiýa dürli derejedäki myhmanhanalary, şypahanalary, toplumlary, dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerini, şeýle hem jemgyýetçilik-medeni maksatly binalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edýär.

Şeýle hem bu kärhana diňe bir Balkan welaýatynyň däl-de, eýsem tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.