Türkmenistan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
"Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda beýleki welaýatlar bilen bir hatarda, Lebap welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
