Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary: Annaorazow Begenç, Baýramow Aýhan, Annanepesow Salyh Google-yň Firebase Studio Championship Central Asia 2025 ýaryşynda 2-nji orny eýelediler.

Olar TerraVibe atly taslama bilen çykyş edip, ilki bilen ilkinji onluga girdiler. Soñra onlaýn we oflaýn geçirilen finalda Internet arkaly gatnaşyp 2-nji orny eýelediler. Okuwçylar Google tarapyndan ýörite hormat hatlary we pul baýraklary bilen sylaglandyryldylar. Bu ýaryş üçin toparlar “Firebase Studio + Gemini API” tehnologiýalaryny ulanýan innowasion taslama taýýarlamalydy.

Bu diýmek, okuwçylar "Gemini API" - Emeli Aň tehnologiýasyny ulanyp bir mobil goşundyny ýasamalydylar. Türkmen okuwçylary bolsa öz innowasion TerraVibe taslamasyny hödürlediler.
TerraVibe taslamasy kamera arkaly surada düşürilen ösümligiň ýagdaýy barada emeli aň (AI) arkaly düşündiriş bermegi we islendik ösümligiň şikes ýeten ýerini ýa-da kemçiliklerini suratyň üsti bilen bilmäge ukyply. Okuwçylar taslamany ýasanlarynda Kämil Bilim bilim merkeziniň Erjeller kompýuter bölüminiň mugallymlaryndan maslahat alandyklaryny belläp geçdiler.
Ýaryşyň netijesini bu ýerden görüp bilersiňiz.
