«Täze aý Miweler» kompaniýasy gysga wagtyň içinde Türkmenistanyň bazarynda täze miwe we gök önümleriň ygtybarly üpjün edijisi hökmünde tanalyp başlady. Häzirki wagtda kompaniýa alyjylara adaty alma, limon ýaly önümlerden başlap, öň ýurdumyzda seýrek duş gelýän gök önümleriň ekzotik görnüşlerine çenli 60-a golaý görnüşe golaý miwedir gök önümleri hödürleýär.
Kompaniýanyň assortimentinde miweler: banan, apelsin, mandarin, ananas, awokado, marakuýa, mangostin, pitahaýýa, rambutan, papaýýa, kumkwat, feýhoa, jekfrut, şeýle hem ýerli önümlerimiz bolan: pomidor, badamjan, käşir, burç,sarymsak, ýeralma, sogan we beýleki möwsümleýin gök önümler bar.

Her aýda kompaniýa 50-den 70-e çenli uly ýük awtoulagyny kabul edýär, her awtoulagyň göterýän ýüküniň agramy 25 tonna çenli ýetýär. Bu uly möçberli üpjünçilik kompaniýanyň ýurduň ähli künjeginde hereket edýän söwda nokatlaryna gök önümleri yzygiderli ýetirmegine mümkinçilik berýär.
Import işleri dünýäniň 32 ýurdundan amala aşyrylýar. Olaryň arasynda: Türkiýe, Hytaý, Indoneziýa, BAE, Eýran, Wýetnam, Taýland, Günorta Afrika, Braziliýa, Argentina, Kolumbiýa, Peru, Awstraliýa, Italiýa, Polşa, Gresiýa, Marokko, Ukraina, Azerbaýjan, Moldowa we beýlekiler bar. Bu giň geografik üpjünçilik ulgamy «Täze aý Miweler» kompaniýasyna ýylyň islendik döwründe miwe we gök önümleri hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Önümleriň terligini saklamak üçin kompaniýada häzirki zaman sowadyjy ammary hereket edýär. Bu ýerde ýurdumyza gelip gowuşýan miweleriň we gök önümleriň tutuş tapgyrynyň hili, daşky görnüşi we saklanyş şertleri dükanlaryň tekjelerine we söwda nokatlaryna eltilmezden ozal ygtybarly gözegçilikde saklanýar.

«Täze aý Miweler» kompaniýasynyň söwda ulgamy Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny gurşap alýar. Söwda nokatlary Aşgabat, Mary, Lebap, Daşoguz, Köneürgenç, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hereket edýär. Şonuň üçin kompaniýanyň önümleri ýurduň ähli künjegindäki alyjylar üçin elýeterlidir.
Lomaý we bölekleýin sargytlar üçin müşderiler şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler:
Aşgabat: +993 (71) 243234, +993 (64) 318242
Mary: +993 (71) 924030
Lebap: +993 (63) 497080
Daşoguz: +993 (62) 494942
Köneürgenç: +993 (64) 993793
Balkanabat: +993 (62) 262728
Türkmenbaşy: +993 (64) 220483
Merkezi ofise we sowadyjy ammara ýüzlenmek üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +993 (522) 5-80-70
«Täze aý» kompaniýasy bazardaky ornuny has-da berkitmek, assortimentini giňeltmek, üpjünçilik geografiýasyny giňeltmek we daşary ýurt öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly Türkmenistanyň ilatyny ýylyň dowamynda ýokary hilli we täze önümler bilen üpjün etmegi maksat edinýär.
