10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF arasynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol çekildi.
Resminama Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen çäreleriň çäklerinde dabaraly ýagdaýda gol çekildi.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna öz çykyşynda şeýle belledi:
«Bu ylalaşyk ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň subutnamasy bolup durýar. Ol şeýle hem ýurduň her bir çagany goramak ugrunda durnukly milli saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýmak islegini beýan edýär.»
Üç onýyllykdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň Hökümeti netijeli we durnukly milli immunizasiýa maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirip, ilata möhüm waksinalaryň mugt we deň derejede elýeter bolmagyny üpjün edip gelýär.

Türkmenistan 1994-nji ýylda Waksina garaşsyzlygy başlangyjyna goşulyp, 2006-njy ýylda ÝUNISEF arkaly waksina satyn almagyň doly öz maliýe serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagyny üpjün etdi. Şondan bäri ýurt Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan waksinalaryň we howpsuz sanjym enjamlarynyň ygtybarly üpjünçiligini ýola goýdy. Hatda COVID-19 pandemiýasy ýaly halkara synaglarynyň döwründe-de üpjünçiligiň hilini we yzygiderliligini saklamagy başardy.
Türkmenistan öz immunizasiýa maksatnamasyny pugtalandyrmagy dowam etdirýär. Ol halkara saglygy goraýyş maslahatlaryna laýyklykda, milli sanjym tertibini yzygiderli giňeldýär. 2025-nji ýyl üçin tassyklanan täzelenen sanjym tertibine alty tapgyrly waksinanyň goşulmagy her bir çaganyň saglygyny we abadançylygyny goramak ugrunda möhüm ädim boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan waksina üpjünçiligini durnukly maliýeleşdirmegiň sebit boýunça nusgalyk ýurtlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurt boýunça şu maksat bilen satyn alynýan serişdeleriň ýyllyk umumy bahasy 17 million amerikan dollaryndan geçýär. Bu bolsa Hökümetiň, aýratyn-da, ýaş nesli goramak ugrunda, uzakmöhletleýin tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilýär.
