Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Germaniýanyň Federatiw Respublikasyndaky Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň okuw işleri boýunça professory hem-de akademik senatyň senatory Ýohanna Mirendorf tarapyndan nemes dili mugallymlary üçin usulyýet okuwy geçirildi.
TMDI-niň «Turkmenportal» neşirine beren maglumatyna görä, professor çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça ösüş meseleleri, sosial pedagogikany öwrenmegiň ähmiýeti, çaganyň hem-de maşgalanyň sazlaşykly ösmegi üçin täsirli usullary işläp taýýarlamagyň zerurlygy, ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň wajyp ugurlary barada usulyýet maslahatlaryny paýlaşdy. Şeýle hem ol çagalaryň peýdaly wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin kitaphanalarda okuw hem-de ösüşe gönükdirilen çäreleri guramagyň ähmiýetine ünsi çekdi.
«Bu seminar biziň okuw mekdebimizde nemes dili mugallymlary üçin aýratyn peýdaly boldy» diýip, habarda bellenilýär.
