Türkmen režissýory Hekim Alowowyň «Kitap» atly çeper filmi Aktau şäherinde TÝRKSOÝ guramasynyň howandarlygynda geçirilen «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynyň eminler toparynyň ýörite baýragy bilen sylaglandy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar bermegine görä, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren bu filmde ruhy mirasa hormat goýmak baradaky tema giňişleýin beýan edilýär. Filmiň baş gahrymany bir wagtlar öz düýesini bir kitaba çalyşýar. Bu kitap onuň üçin diňe bir gadymy zat bolmak bilen çäklenmän, eýsem ebedi gymmatlyklaryň nyşanyna öwrülýär. Ol bu baýlygyny uly pula satmakdan hem ýüz dönderýär.
Film türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň şol bir at bilen ýazylan hekaýasyna esaslanýar. Onuň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylda Aşgabatda bolupdy.
Aktau şäherinde geçirilen kinofestiwal Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan we Gazagystandan gelen režissýorlary, aktýorlary, prodýuserleri we kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Festiwalyň çäklerinde TÝRKSOÝ ýurtlarynyň Kinosammiti hem geçirildi. Onuň esasy temasy türki döwletleriň arasynda kino ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi boldy. Onuň barşynda halkara derejesinde bilelikdäki kino önümçiligi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we kino sungaty arkaly medeni gatnaşyklary berkitmek boýunça geljekde bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
