1-nji oktýabrda Wenanyň merkezindäki «Grand Hotel Wien» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň goldawy bilen gurady.
Dabaraly kabul edişlige Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň, Wenanyň häkimliginiň wekilleri, Wenada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleri, Awstriýanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Awstriýanyň Ykdysadyýet palatasynyň wekilleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow çykyş edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň taryhy ösüşleri barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi.
Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň protokol bölüminiň ýolbaşçysy Maksimillian Hennig dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtap, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek goldanylandygyny belledi. Ol iki ýurduň – Türkmenistanyň we Awstriýanyň Bitaraplyk derejesiniň meňzeşdigini belläp geçdi. Türkmenistan şu ýylyň 12-nji dekabrynda öz Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny, Awstriýa bolsa oktýabryň ahyrynda Hemişelik Bitaraplygynyň 70 ýyllygyny belleýär.
Hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň arasynda bolan duşuşyk barada durlup geçildi. Duşuşykda taraplar ykdysady we medeni ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Agşamyň medeni böleginde türkmen aýdymçylary we sazandalary çykyş etdiler. Mundan başga-da, dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň milli sungatynyň sergisi gurnaldy we myhmanlara milli tagamlar hödür edildi.
