Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed al-Hameli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine jogapkär orunbasary Bahar Seýidowa bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar medeniýet we metbugat ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar medeni gatnaşyklary berkitmegiň hem-de metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde maglumat hem-de tejribe alyşmagyň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.
