Turkmenportal logo
02.10.25
99139913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Aziýa Ösüş Bankynyň hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi we AÖB-yň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.